Türkmenistan — Türkiýe: gatnaşyklaryň täze sahypasy

29 Noýabr 2021
1044

27-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu gezekki duşuşyk iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk ýylýazgysyna täze, wajyp sahypany ýazar.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň hem-de geljekki meýilnamalaryň çäklerinde türkmen-türk hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň güýçli depginde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

"Nesil".