Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

29 Noýabr 2021
1157

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana döwlet sapary boldy.

Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň uly toplumy we umumy bähbitlere degişli möhüm halkara meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy.