Netijeli gepleşikler — anyk çözgütler

29 Noýabr 2021
997

27-nji noýabrda türkmen paýtagtynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi

Häzirki zaman şertlerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy umumy bähbitlere kybap gelýän deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek üçin netijeli meýdança bolup durýar. Biziň ýurdumyz bu guramanyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagy, onuň bolup geçýän ählumumy we sebit ýagdaýlaryna oňyn täsiriniň artdyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Duşuşyga YHG-nyň ýurtlarynyň Aşgabada gelen ýolbaşçylary, guramanyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, sebit edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işleri barada wideoşekiller görkezildi.

"Nesil".