Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti (28-nji noýabr, 2021-nji ýyl) Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy

29 Noýabr 2021
1196

Biz, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary YHG-nyň maksatnamalaryny, çärelerini we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem-de YHG üçin umumy gyzyklanma bildirilýän, YHG-nyň agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy sazlaşykly guraýan, çuňlaşdyrýan we giňeldýän, umumy gymmatlyklary, bähbitleri ösdürýän gurama hökmündäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilen sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşmagyň ösüşine hem-de derejesine garamak üçin YHG-nyň 15-nji sammitine ýygnanyşyp, şunuň bilen baglylykda:

YHG-nyň Izmir ylalaşygynda tassyklanylan ýörelgelerine we maksatlaryna, sebitiň özara ykdysady ösüşi, parahatçylygy hem-de rowaçlygy we goşulyşmagy güýçlendirmek bilen baglanyşykly meseleleri boýunça “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek tassyklap;