Işewür gatnaşyklar nebitgaz işleriniň ilerlemegine ýardam edýär

22 Noýabr 2021
1180

Nebit we gaz işlerinde, bu pudaklaryň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmakda, täze önümçilikleri gurmakda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, amatly şertler döredilip, «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

«Türkmennebit» döwlet konserni bilen bu kompaniýanyň arasynda hereket edýän şertnamanyň çäklerinde, hususan-da, işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşygy baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Seýsmiki gözleg işleriniň jemleri boýunça maglumatlaryň bir bitewi binýady döredildi, Goturdepe ýatagynyň üç ölçegli nusgasy düzüldi hem-de gözleg guýularynyň jemi 52-siniň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Altyguýy ýatagynda degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek maksady bilen senagat derejesindäki täze nebit gorlaryny gözläp tapmak, täze önümli gatlaklaryň hem-de känleriň üstüni açmak, şeýle hem işlenip geçilýän nebitgazly känleriň özleşdirilişiniň ähmiýetliligini has ýokarlandyrmak üçin sanly ulgam bilen bir hatarda nebit önümçiligine has oňaýly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bu ugurda uly tejribesi bolan daşary ýurtly kompaniýalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň depginini gün-günden güýçlendirýändiginiň subutnamasydyr. Nebit senagatynyň işgärleri we hünärmenleri nebitgazly känlerde geologiýa gözleg-barlag, guýulary gazmak, çig nebiti, ugurdaş we tebigy gazy hem-de gaz kondensatyny çykarmak, şeýle hem olary ýygnap, arassalap, harytlyk görnüşinde taýýarlap akdyrmak işlerini dynuwsyz amala aşyrýarlar we alyp barýan işleriniň depginini barha ýokarlandyrýarlar.

Şöhrat AŞYROW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri.