Türkmenistan — Azerbaýjan: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

19 Noýabr 2021
1176

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we tutuş doganlyk türkmen halkyna rowaçlyk hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe sarpa goýýan Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz hem-de myhman syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtap, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň ornuny güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler. Energetika ulgamy ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

"Nesil".