Halkara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

19 Noýabr 2021
978

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi.

Koreýa Respublikasynyň Baştutany Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna we beýlekilere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýokary derejeli bu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Prezident Mun Çže In döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň sebitiň ýurtlary üçin möhümdigine ünsi çekdi. Dostlukly ýurduň Baştutany şu foruma wekilçilik edýän döwletleriň geografiýasynyň giňdigini belläp, duşuşygyň oňa gatnaşyjylaryň arasynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

“Aşgabat”.