«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

19 Noýabr 2021
1141

DÜNÝÄ NUSGALYK BEÝIK IŞLER

Halklaryň dostlaşmagynda, doganlaşmagynda parahatçylygyň orny örän uludyr. Birek-birek bilen jebislikde hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde bolsa ynanyşmak ýörelgesi möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu gün älem içre bu iki ýörelgäni nusga edinen Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, halklaryň bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen Bitaraplygy, hakykatdan hem, gudratdyr» diýip bellemek bilen, Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini açyp görkezýär. Üstümizdäki ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň milli ýörelgesiniň älem içre ykrarnama eýedigini subut etdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň esasy maksady hem parahatçylygy, ynanyşmagy, birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreler, iri taslamalar, dürli ugurlarda gatnaşyklar ulgamynyň kämilleşdirilmegi şu ýörelgelerden ugur alýar. Dünýä ýüzünde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýän ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösdürilmegi üçin ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Ajaýyp ýylymyzyň 29-njy oktýabrynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegini bu beýik işleriň hatarynda görkezmek bolar. Taryhy waka öwrülen Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň birinji tapgyrynyň işe girizilmegi, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzdan ulag-üstaşyr ýüklerini gündogarda goňşy Özbegistana we günbatarda Halkara deňiz portunyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna çykarmaga mümkinçilik berer. Bu ägirt uly taslamanyň türkmen telekeçileri tarapyndan amala aşyrylmagy diýseň guwandyryjydyr. Halkara ýük daşamalarynyň we ulag-üstaşyr mümkinçilikleriň giňeldilmegine ýardam etjek döwrebap awtoban Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrar.

Döwran KULMEDOW,
TDP-niň Ruhubelent etrap komitetiniň başlygy.