Hyzmatdaşlyk berkidilýär

19 Noýabr 2021
876

18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we tutuş doganlyk türkmen halkyna rowaçlyk hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy baradaky arzuwlaryny ýetirdi.