Oňyn başlangyçlar, möhüm wezipeler

18 Noýabr 2021
1204

Habar berlişi ýaly, 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiziň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambul sammitinde eden çykyşyndan gelip çykýan wezipeler hem-de 28-nji noýabrda ýurdumyzda guraljak iri halkara çärä — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine taýýarlyk bilen bagly brifing geçirildi. Oňa TDIM-niň işgärleri, ýerli we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän habarlar gulluklarynyň žurnalistleri çärä wideoaragatnaşyk arkaly goşuldylar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji noýabrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşdy. Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy derejede goşulmagy hakynda çözgüdiň kabul edilmegi nobatdaky duşuşygyň many-mazmunyny, ähmiýetini has-da artdyrdy. Hut şu meselä ünsi çekip, iri habarlar agentlikleri Stambul sammitini türki dünýäniň ähli döwletlerini bir başa jemlän, doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyň hakyky nusgasyny görkezen taryhy duşuşyk hökmünde häsiýetlendirdiler. Hormatly Prezidentimiziň sammitde eden çykyşy we guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça öňe süren teklipleri bolsa ýurdumyzyň bu düzümde eýeleýän ornuny täze derejä çykarmak bilen, türkmen Bitaraplygynyň mizemez ýörelgelerini has-da pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüldi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».