Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär

17 Noýabr 2021
1131

Öňňin Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de, onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy.

Brifingiň dowamynda milli Liderimiziň Türki geňeşiň sammitinde eden çykyşyndan gelip çykýan esasy ugurlar beýan edildi hem-de Türkmenistanyň bu gurama synçy döwlet hökmünde kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 15-nji sammitine görülýän taýýarlygyň barşy bilen hem tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, esasy çäreleriň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi, şeýle-de, YHG-ä agza ýurtlaryň işewürlik forumy geçiriler.

«Aşgabat».