«GEOCLIC» — geljege umyt!

31 Oktýabr 2021
1408

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda dünýäniň ösen döwletleriniň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. Ýaş hünärmenlerimizdir talyp ýaşlarymyz bolsa, öz ukyp-başarnyklaryny dünýä ýaýýarlar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri, Ýewropa komissiýasynyň Bilim, okatmagyň audiowizual serişdeleri we medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentligi tarapyndan Erasmus maksatnamasy boýunça ýurdumyzyň hem wekilçilik etmeginde taslamalaryň ençemesi dürli ugurlarda geçirilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň goldamagy esasynda bu maksatnamanyň täze taslamasyna Watanymyzyň wekilçiligi saýlanylyp, taslamany ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Erasmus maksatnamasynyň bu täze taslamasy «Kenarýaka ekoulgamlaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak üçin geogiňişlik inženeriýasy boýunça täze okuwlar» (GEOCLIC) diýlip atlandyrylýar. Bu taslamany durmuşa geçirmekde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň tejribeli we ýaş mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Bu taslamada suw baýlygymyz bolan Hazar deňziniň ekoulgamyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak üçin geogiňişlik inženeriýasyny işläp düzmek hakynda teklipler bilen çykyş etmek ýaş hünärmenlerimiziň öňündäki maksatlarynyň biri bolup durýar. Taslamanyň netijeliligi bolsa, ilkinji nobatda, öz hünärine ökde, daşary ýurt dillerini bilýän, başarjaň, ugurtapyjy ýaşlara bagly bolup durýar.

Daýanç REÝIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.