Täze sepgitleri nazarlaýan forum

28 Oktýabr 2021
1194

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz pudagynda-da alnyp barylýan işler, dünýä ýurtlary, iri-iri kompaniýalary bilen ýola goýlan we goýulýan hyzmatdaşlyklar ösüşleriň yzygiderliligini kepillendirýär. Munuň özi dünýä ýüzünden işewürleriň nazarynyň şu topraga gönükmegine itergi berýär. Şeýle gatnaşyklaryň ýygjamlanmagy bolsa ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara forumlarynyň uly üstünliklere beslenmegi bilen hem berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýurdumyzda iş alyp barýan iri daşary ýurt kompaniýalaryň, guramalaryň sany barha artýar. Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen iri forum bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşyjylaryň giň düzümi hem Türkmenistanyň daşary ýurtly işewürler toparlary üçin maýa goýum babatyndaky özüne çekijiliginden habar berýär. Indi 26-njy gezek geçirilýän bu maslahata 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Aşgabatdan onlaýn usulda dünýäniň onlarça ýurduna görkezilýän foruma hökümet düzümleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň iri nebitgaz, hyzmat ediş we maslahat beriş kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy Türkmenistanyň dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulýandygynyň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan sebitiň iri energetika döwletine öwrülmek babatynda uly ýol geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegi, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi babatda möhüm işler amala aşyrylýar. Bu zatlaryň ählisiniň hormatly Prezidentimiziň döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň miweleridigini halkara foruma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bellediler.

Maslahatyň dowamynda gol çekilen resminamalar, «Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki we Hazar deňziniň türkmen bölegindäki maýa goýum taslamalaryna syn», «Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki döwrüň ýagdaýlary», «Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri — pes uglerodly geljege geçmegiň açary», «Ylmy barlaglar we işläp taýýarlamalar babatda häzirki zaman gazanylanlar hem-de nou-haular» ýaly ugurlary özünde jemleýän meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda durmuşa geçiriljek işleriň geriminiň barha giňeýändigini görkezýär. Şeýle forumlaryň yzygiderli geçirilip durulmagy, Gahryman Arkadagymyzyň üstünliklere beslenýän hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde mümkin boldy. Şeýle şowly gadamlaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy, nebiti we tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklaryň kemala getirilmegi, Gyýanlyda polimer zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň we beýlekileriň işe girizilmegi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny mysal getirmek bolar. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň maksatnamasy bolsa BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň sekretariaty we beýleki ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Ogulgerek BERDIMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri.