Hyzmatdaşlygyň möhüm ugruna bagyşlanan halkara maslahat

28 Oktýabr 2021
1157

Öňňin söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat öz işine başlady. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralan bu maslahata 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly goşuldy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» forumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

«Mugallymlar gazeti».