Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

27 Oktýabr 2021
1102

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy.

Döwletleriň Baştutanlary däp bolan dostluk, doly özara düşünişmek, açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumy boýunça hemmetaraplaýyn we netijeli gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.