Aşgabat duşuşygy: Hoşniýetli goňşuçylyk. Netijeli hyzmatdaşlyk. Täze belentlikler

27 Oktýabr 2021
1205

Biz, žurnalistler Merkezi Aziýa sebiti hakynda gürrüň edenimizde, hemişe «hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, ýürekdeşlik, gadyrly gatnaşyklar» ýaly jümleleri ýygy-ýygydan gaýtalaýarys. Sebäbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hut şu ýörelgeleri baýdak edinip, bu gün sebitiň ýurtlary döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak bilen, dünýä ykbalyna dahylly işlerde-de özara tagallalaryny utgaşdyrýarlar. Bu biziň Merkezi Aziýada bolşy ýaly, Hazarýaka sebitde-de möhüm, ygtybarly hyzmatdaşymyz hasaplanýan Gazagystan Respublikasy babatda hem şeýle. Dostlukly ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet sapary we onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bu hakykaty ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.

Türkmenistanda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmaga gelýän gazagystanly myhmanlar hemişe bir pikiri aýratyn nygtaýarlar: olar türkmen topragyna gelenlerinde, özlerini, edil ýakyn hossarlarynyň öýüne gelen ýaly, arkaýyn duýýarlar. Dostlukly Gazagystana barlanda-da munuň şeýledigi gümansyz. Ýogsa näme, «Guşuň güýji — ganatynda, adamyň güýji — dostlukda» diýýän gazaklar hem-de «Özüňi süýt bil, dostuňy — gaýmak» diýýän türkmenler birek-biregi hemişe ýakyn dosty, gadyrly gardaşy hasaplaýar ahyryn! Şeýle dostlugyň, ýakynlygyň döwletleriň Liderleriniň şahsy gatnaşyklarynda ýüze çykmagy bolsa ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pajarlap ösmeginde aýratyn gymmata eýe. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen nobatdaky gepleşiklere ikitaraplaýyn türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhynda açylan täze sahypa hökmünde baha berip bolar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».