Dosta uzaýan ak ýollar

18 Oktýabr 2021
1105

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi ýokarlanýar. Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Häzirki döwürde ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistan ägirt uly mümkinçilikli, güýçli depginlerde ösýän, sebitde we bütin dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde uly işleri alyp barýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Biziň ýurdumyz ägirt uly ulag-üstaşyr mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, bu ugurda halkara giňişliginde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Halkara ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny netijeli peýdalanmak, ösdürmek we üstaşyr geçirilýän ýükleri artdyrmak döwletleriň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasatynyň baş maksady ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşişini we Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky üstaşyr geçelge hökmündäki ulag düzüminiň mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Bu bolsa «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» bellenilen möhüm wezipeleriň oňyn çözgüdine hem uly ýardam edýär. Türkmenistan dünýä döwletleriniň ulag-kommunikasiýa, ykdysady hyzmatdaşlyk giňişligine, halkara we sebit derejesindäki meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän esasy şertleriň biri-de ulag-aragatnaşyk ulgamy bilen pugta baglydyr. Ýurdumyzda bu ugurda birnäçe taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlarynyň netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýanyň, 2015-nji ýylda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýanyň, 2017-nji ýylda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi aýratyn guwandyryjydyr.

Meýlis BERDIGYLYJOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.