Ulag diplomatiýasy rowaçlanýar

17 Oktýabr 2021
1159

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň ýokary derejesini üpjün etmekde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna ynamly geçirilmeginiň orny örän ýokarydyr. Iňňän oýlanyşykly toplumlaýyn geçirilýän çäreler ýurdumyzda maksatnamalaryň kämil işlenilip düzülendigine hem-de üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyna güwä geçýär. Eziz Diýarymyzda hoşniýetli hyzmatdaşlyga, söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Türkmenistanyň halkara ölçegleriniň iň ýokary talaplaryny ödeýän döwrebap terminallary, demir ýol menzillerini, deňiz portlaryny, inžener-tehniki maksatly binalary gurmagy dowam edýändigimizi, olaryň ählisiniň hem häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden döremegine giň ýol açýandygyny, ulag-aragatnaşyk ulgamynda araçäkleşýän ýurtlar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerim bilen rowaçlanmagyna itergi berýändigini nygtap geçýär.

Maral GELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.