Energetika – geljege ynamly hyzmatdaşlyk

17 Oktýabr 2021
1046

Täze hem-de netijeli çözgütleri gözlemekde işjeň garaýyşlary bilen hemişe tapawutlanýan Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy dünýä işewürleriniň hem-de bilermenler jemgyýetçiliginiň wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda döwletleriň durnukly ösüşlerini, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy görkeziji faktorlarynyň biridigini bellemek bolar. Türkmenistan soňky ýyllaryň dowamynda energetika ulgamynda öňdebaryjy döwletleriň biri bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerine çekip, maksadaokgunly daşary syýasatyny alyp barýar.

Türkmenistan tebigy gazy has çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi ugur edinmek bilen, energiýa serişdelerini iberýän iri döwlet hökmünde dünýä energetika bazarynda diňe bir öz ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, uglewodorod serişdeleriniň eksporta iberilýän möçberleriniň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna dünýä bazaryna gatnaşmagynyň mazmunyny hil taýdan özgerdýär.

Serdar GARLYÝEW, Gurbansoltan KAIROWA,
Türkmen döwet maliýe institutynyň maliýe kafedrasynyň mugallymlary.