Milli Liderimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

16 Oktýabr 2021
1277

Aşgabat, 15-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertipde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de birnäçe resminamalary kabul etmäge degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, tamamlanyp barýan ýylda bilelikdäki işiň jemleri jemlenildi, geljek döwür üçin ileri tutulýan ugurlar bellenildi.

www.tdh.gov.tm