Ýaşlar beýik işleriň ýolunda

15 Oktýabr 2021
963

2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde sanly ulgam arkaly «Türkmen ýaşlary, golunda eýýamyň beýik işleri» atly okuw-maslahat geçirildi.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmagyň, ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, ýokary ahlaklylyk ýaly häsiýetleri ösdürmegiň çäklerinde sanly ulgam arkaly geçirilen okuw-maslahat diýseň täsirli boldy. Okuw sapagynyň bu gezekki temasy «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň çygryndaky kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi we bu işlere ýaşlary çekmekde ýaş meýletinçileriň orny bilen bagly boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymynyň bu babatdaky çykyşy maglumatlara we maslahatlara baý boldy.

Mähri AÇYLOWA,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmeni.