Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk

14 Oktýabr 2021
1259

Garaşsyzlygymyzyň geçen şanly 30 ýylynyň dowamynda gazanan ösüşlerimiziň gürrüňi edileninde, ulag ulgamyndaky ösüşler ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanda gurlan demir ýol we awtomobil ýollary, döredilen howa we gämi gatnaw ýollary Garaşsyzlygymyzy berkitmekde Türkmenistanyň bähbitlerine hyzmat etmek bilen birlikde sebitiň döwletleriniň üstaşyr gatnaşyklary ýola goýmak möhüm orun eýeledi.

Gurulýan demir ýol we awto ýollar ýurdumyzyň sebitde iri ulag-logistika merkezine ynamly öwrülmegini şertlendiren wajyp pursatlar boldy. Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň diňe bir ugrunda ýerleşen ýurt bolmak bilen çäklenmän, eýsem onuň ýüregine öwrülen Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda taryhy tejribäni döwrebap talaplar esasynda gaýtadan dikeldýär. Bu işde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary giň gerimde goldaw tapyp, sebitiň ýurtlary, şeýle hem abraýly halkara guramalary ýükleri we ýolagçylary gysga ýollar arkaly howpsuz gatnatmak babatda Türkmenistanyň alyp barýan ugruny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.

Enegül ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.