Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de öz işine başlan «EKS­PO – 2020»-de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li gü­ni bel­le­nip ge­çil­di

10 Oktýabr 2021
1107

-njy okt­ýab­r­da hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de öz işi­ne baş­lan «EKS­PO — 2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sinde Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasy boldy. Bu bütindünýä ykdysady gözden geçiriş dabarasyna dün­ýä döw­let­le­ri­niň 190-sy bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti hem öz mil­li pa­wil­ýo­ny bi­len gat­naş­ýar. Ser­gi­niň esa­sy mak­sa­dy, dün­ýä­niň iň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­dan, hä­zir­ki za­ma­nyň iň soň­ky in­no­wa­si­ýa­la­ry, yl­my açyş­la­ry we pi­kir­le­ri bi­len ta­nyş­mak­dan yba­rat­dyr. Şeý­le ab­raý­ly çä­rä bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri ýur­du­my­zyň gat­naş­ma­gy bol­sa türk­men döw­le­ti­niň ga­za­nan­la­ry­ny, eks­port kuw­wa­ty­ny, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­dir.

«Akyl-paý­ha­sy­my­zy bir­leş­di­rip, gel­je­gi dö­red­ýä­ris» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­de 9-njy okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­di. Bu dabara hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gatnaşmagy «EKS­PO – 2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Gyz­lar­gül AN­NA­GUR­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň hal­ka­ra žur­na­lis­ti­ka­sy fa­kul­te­ti­niň 2-nji ýyl ta­ly­by.