Iki halkyň bir maksady: türkmen-özbek hyzmatdaşlygy täze derejä göterildi

8 Oktýabr 2021
1019

Türkmen halky ozaldan goňşusyna aýratyn hormat-sylag edip, ony özüniň iň ýakynlarynyň biri hasaplap gelipdir. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen «Ýer alma — goňşy al», «Kyýamat güni goňşudan» ýaly pähimleriň mysalynda-da muny aýdyň görmek bolýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, sebitde we dünýäde oňyn bitaraplyk syýasatyny dabaralandyrýan Garaşsyz Türkmenistan serhetdeş ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga özüniň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Munuň şeýledigine goňşy Özbegistan Respublikasy bilen alnyp barylýan hoşniýetli gatnaşyklar, özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlyk hem doly güwä geçýär.

Bilşimiz ýaly, 4-5-nji oktýabrda milli Liderimiz Özbegistan Respublikasynda iki günlük resmi saparda boldy. Goňşy ýurda guralan, ýokary netijeliligi bilen tapawutlanan bu resmi sapar halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim hökmünde ykrar edildi.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Nesil».