Özara bähbitli hyzmatdaşlyk

8 Oktýabr 2021
1083

Paýtagtymyzda 7-nji oktýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Toparyň türkmen bölegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk dostlukly ýurduň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär.