Ilçi işe başlady

8 Oktýabr 2021
1033

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýanyň tüýs ýürekden aýdan salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny ýollady. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormatdyr. Türkmenistan bilen Ermenistany soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan, öňden gelýän dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şunda sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge hemişe gyzyklanma bildirilýändigi tassyklandy.