Köpugurly hyzmatdaşlar

29 Sentýabr 2021
1032

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda ýurdumyza gelen Amerikanyň «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi, «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy, «Altkom» maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony, «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskini kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi, tutuş türkmen halkyny şanly sene bilen gutladylar, Türkmenistanyň mundan beýläk-de bedew bady bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap okgunly öňe gitmegini arzuw etdiler. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşyklaryň çäginde taraplar köpýyllyk hyzmatdaşlyklaryň geljekki ugurlary hakynda pikir alyşdylar. Milli Liderimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi we ýurdumyzyň mundan beýläk-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny belledi.

"Nesil".