Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

29 Sentýabr 2021
1110

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi we giň gerimli baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmen halkyny ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady.