Türkmenistan — Tatarystan: köpugurly we ygtybarly ösüş

27 Sentýabr 2021
1219

26-njy sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi.

Milli Liderimiz myhman bilen mähirli salamlaşyp, kärdeşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň şu saparyna ikitaraplaýyn durnukly, köpugurly häsiýete eýe bolan türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň aýratyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny nygtady. Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Tatarystanyň Baştutany şu saparyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna gabat gelýändigini belläp, milli Liderimizi ýetip gelýän şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Giňişleýin düzümde geçirilýän duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler barada pikir alşyldy. Taraplar dürli ugurlarda özara bähbitli tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Prezident Rustam Minnihanowy Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

"Nesil".