Hyzmatdaşlyklaryň ýokary derejesi

27 Sentýabr 2021
1143

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur «Bouygues» fransuz kompaniýasynyň baştutany Marten Buigi, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewürler milli Liderimizi hem-de tutuş türkmen halkyny uly baýram — Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesi, şeýle hem ýakynda geçirilen möhüm waka — Halk Maslahatynyň mejlisi bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan hyzmatdaşlyklaryň ýokary derejesini belledi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhmanlar dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny hem-de ony has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň ahyrynda işewürler hormatly Prezidentimizi ýetip gelen uly baýram bilen ýene-de bir gezek gutlap, Türkmenistany gülledip ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşjakdygyna ynandyrdylar.

"Nesil".