Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

27 Sentýabr 2021
1182

Aşgabat 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman Sankt-Peterburgyň ýaşaýjylarynyň hem-de hökümetiniň adyndan milli Liderimizi şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet ösüşiniň ýolunda ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny nygtady.