Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

27 Sentýabr 2021
1271

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi şanly sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisi bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we alyp barýan köp taraply işlerinde täze, uly üstünlikleri hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.