Dostlukly gatnaşyklaryň döwresinde

24 Sentýabr 2021
1160

BUHARADA

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekilçilikli toparlaryny Özbegistanyň Buhara hem-de Horezm welaýatlaryna iş saparyna ugratmak bilen bagly Buýruga gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, 22-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň wekilçilikli topary goňşy döwletiň Buhara welaýatynda iş saparynda bolup geldi.