VI hazar mediaforumy

13 Sentýabr 2021
1048

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk hem-de etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly bolup, oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hödürlenildi.

Mediaforumyň geçirilmegi sebitde we ählumumy derejede žurnalistikany ösdürmekde tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýär, Hazar sebitiniň döwletleri üçin bitewi maglumat giňişligini döretmäge ýardam edýän ugurlary kesgitleýär. Biziň döwletlerimiziň arasynda kemala gelen oňyn syýasy gatnaşyklar hem-de diplomatik tejribäniň netijeli gurallary, taryhy söwda kerwen ýollarynyň çatrygynda geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi ähli ulgamlarda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek, dürli pudaklarda, şol sanda medeniýeti, syýahatçylygy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini öz içine alýan ynsanperwer ulgamda köp sanly taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup durýar diýlip, çykyşlarda bellenildi.

«Watan».