Gazçylaryň guwançly gadamlary

13 Sentýabr 2021
1088

Bagtyýarlyk zamanamyzda türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda taryhy waka — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly senäniň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyla golaý döwründe ata Watanymyz ösüş-özgerişli menzilleri külterledi. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda aýgytly ädim ädildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplygy iki gezek ykrar edilen Garaşsyz döwletimizi indi bütin dünýä tanaýar.

Ynamly öňe gitmek üçin geçilen menzillere ser salmak bähbitlidir. Uly toýuň öň ýanynda Garaşsyzlykda gazanylanlara göz aýlamak has-da ýakymlydyr. Bu babatda milli ykdysadyýetimiziň iri we durnukly ösýän pudagy bolan gaz senagatynda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere ser salmak eşretli ertire uly ynamy we ýokary ruhubelentligi döredýär. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda uly üstünlikler gazanyldy. Täze gaz ýataklarynyň üsti açylyp, olary senagat taýdan özleşdirmekde ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Muňa mysal edip, Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde gurlup, ulanylmaga berlen önümçilik desgalaryny ýatlamak bolar. Bu ýerde tebigy gazy dünýä ülňülerine laýyklykda arassalaýan zawodlar guruldy. Mawy ýangyjyň baý goruna eýe bu gaz käniniň uly geljegine bil baglanylýar.