Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: – Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur

19 Awgust 2021
1388

Parahatçylygyň, durnuklylygyň, dünýäde abadançylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugur häzirki halkara gatnaşyklary üçin aýratyn ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Hazaryň kenarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti bu gatnaşyklary aýdyň görkezdi. Bu halkara çäreleri milli Liderimiziň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlarynyň uzakmöhletleýin häsiýete eýediginiň, Türkmenistanyň köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerindäki işjeň ornunyň, sebitiň ýurtlarynyň mundan beýläk-de umumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine gabat gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň subutnamasyna öwrüldi.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy