Hazar deňziniň gününe bagyşlanan maslahat

15 Awgust 2021
990

Biziň halkymyzda tebigat bilen ysnyşykly, sazlaşykly ýaşamak gadymdan gelýän ýol-ýörelgeler hasaplanylýar. Şonuň üçin hem daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak babatdaky wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň biri bolmagynda galýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji awgustynda ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem munuň aýdyň güwäsine öwrüldi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahat Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty tarapyndan guraldy. Hazar deňziniň gününi Hazarýaka döwletlerinde hem her ýyl bellemek asylly däbe öwrüldi.

Ýörite habarçymyz.