Durnukly ösüşiň köpugurly şerti

13 Awgust 2021
1104

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler halkymyzyň abadan durmuşyny nazarlamak bilen birlikde, sebit hem-de dünýä halklarynyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň hem bähbidine gönükdirilendir. Häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamy hojalyk gatnaşyklarynyň durnukly we sazlaşykly ösüşine oňyn täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistanyň BMG-niň we onuň düzümleriniň çäklerinde ulag geçelgeleriniň döredilmegini nazarlaýan giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly sebit we yklymara derejesinde köpugurly utgaşdyrylan ulag düzüminiň döredilmegine önjeýli goşant goşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda özüniň amatly geosyýasy ýerleşişini hem-de adam kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanyp, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda yzygiderli tagallalar edip, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini barha giňeldýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz adamyň öz mümkinçiliklerini açmagy we durmuşa geçirmegi babatda jemgyýetiň her bir agzasy üçin deň we amatly şertleri döretmegi maksat edinýär.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.