Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça BILELIKDÄKI BEÝANNAMA (2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Türkmenbaşy şäheri)

11 Awgust 2021
1144

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy, duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar.

Döwletleriň Baştutanlary dostluk we özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak, konstruktiwizm we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeleri boýunça, taryhy taýdan emele gelen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň depginli ýagdaýyny belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine esaslanyp hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmäge özleriniň berk eýerýändigini tassyklap, Merkezi Aziýa sebitini özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda gepleşikler we geňeşmeler arkaly ösdürmegiň möhüm meselelerine seretmegiň hem-de olary çözmegiň zerurdygyny belläp, öz döwletleriniň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbitlerine açyk we giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, durnukly ösüş, söwda-ykdysady we maýa goýum-maliýe, ulag-kommunikasiýa, suw-energetika, maglumat-tehnologiýa, ekologiýa we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de berkitmäge umumy çalşylýandygyndan ugur alyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň möhüm ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmekde bilelikdäki başlangyçlarynyň dünýäde oňat netijeleri berýändigini belläp, sebitiň döwletleriniň ählumumy howplara hem-de wehimlere, şol sanda koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem onuň ýaramaz netijelerini bilelikde ýeňip geçmegiň möhümdigini nygtap, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli konsultatiw duşuşygynyň sebitde köptaraply döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berýän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we şol meseleler boýunça teklipleri girizmäge mümkinçilik berýändigini ýene-de tassyklap, şu aşakdakylary beýan edýärler: