Türkmenistan — dost-doganlygyň mekany

10 Awgust 2021
3849

Döwletli Diýarymyzda halkymyz bagtyýarlykda ýaşap, taryhy wakalara şaýat bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan şu ajaýyp günlerimizde gojaman Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen, dünýa ýaň salan wakalar bu babatda uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde deňiz kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi ählimiz üçin buýsançly wakalara öwrüldi. Bu giň göwrümli çäreler sebitiň halklarynyň arasyndaky gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha täze öwüşgine eýe bolýandygyny äşgär etdi.

Jeýhun SAPARGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.