Awazanyň dabarasy dag aşýar

9 Awgust 2021
973

Geçen hepdäniň şenbe güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, sözüň doly manysynda, taryhy wakalar bolup geçdi. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Şeýle hem, şol gün bu ýerde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň 5-siniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Zenanlaryň dialogy Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan Merkezi Aziýanyň taryhynda döredilen ilkinji düzümdir. Sebitiň döwlet Baştutanlarynyň Awazadaky konsultatiw duşuşygy bilen bir günde geçirilmegi köpugurly forumyň derejesini aýratyn artdyrdy.

«Aşgabat».