Zenanlaryň sebitleýin dialogy: baş maksat — gender deňligini ilerletmek

9 Awgust 2021
1035

Geçen anna güni gözel Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň taryhyna täze sahypa bolup ýazyljak iri halkara çäreler üstünlikli geçirildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen guralan sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy bolsa oňa gatnaşyjylary ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuryp, bir meýdançanyň başyna jemledi. Onuň dowamynda sebitde zenanlaryň işjeňligini ilerletmek bilen bagly köptaraplaýyn meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Biz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde zenanlaryň dialogyna gatnaşan sebit ýurtlarynyň ýokary wezipeli zenanlarynyň nobatdaky forumyň ähmiýeti hakyndaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk. Olar bu babatda, ine, şeýle diýýärler.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.