Dostluk suprasy: düşünişmek, ynanyşmak, ylalaşmak ýörelgesi

8 Awgust 2021
1002

«Salam dost!», «Salam dogan!» diýen jümlelere telim gezek gabat gelip, ildeşlerimiz bilen özara pikir alşyp duran myhmanlar bu gün biziň «döwletli ojagymyzda» — Türkmenistanymyzda duz datdylar, türkmeniň myhmansöýerliginiň hezzet-hormatyny, hoşallygyny duýdular hem-de köňül matlaplaryny utgaşdyrdylar. Ösüş ugrundaky tagallalarda özara ynanyşmak ýörelgesine eýeribem, biri-biriniň dostluk goluny mäkäm gysdylar, bir ylalaşyga geldiler. Ine, şeýle ylalaşyklaryň başy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen badalga alyp, taryhy pursatlar bilen tamamlandy. Ýöne pursatlar tamamlansa-da, gatnaşyklarymyz ebedidir. Muňa biz ajaýyp Awazanyň goýnuna — dostluk suprasynyň başyna jemlenen dost-doganlarymyzyň göwnaçyk, hoşniýetli gatnaşyklaryndan hem ýene bir ýola göz ýetirdik.

Mundan birnäçe aý ozal konsultatiw duşuşygyna gatnaşýandygymyz hakynda aýdanlarynda, ilki bilen serime dolan ýakymly ýatlamalar meni 2019-njy ýylyň noýabr aýyna alyp gitdi. Şol pursatlar edil, şu günki gün ýaly ýadymda. Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri. «Huş kelibsiz!» diýip, hormatly Prezidentimizi mähirli garşylaýan doganlyk özbek halky. Biz dost-doganlarymyzyň arasynda. Şonda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşmak bize hem miýesser etdi. Duşuşykda sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-ä täze ugurlary, hem-de geljekki ösüşleri hakynda pikir alşyldy. Iň esasy bolsa, dünýädäki global meseleleriň oňyn çözülmegini gazanmak üçin bilelikdäki bir bitewülik konsepsiýasyny işläp taýýarlamak, bu ugurda okgunly we aýgytly deň hereket etmek, ädim ätmek dogrusyndaky gürrüňler konsultatiw duşuşygyň özeni bolup, muny Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibine çykarmak bellenildi. Bu başlangyjyň awtory bolup çykyş eden milli Liderimiz halkymyzyň ynsanperwerlik taglymatyny şöhlelendirdi. Şeýle taryhy pursatlardan bäri, iki ýyla golaý wagt geçdi. Şol döwrüň içinde görüp otursaň, halklarymyzyň arasynda dürli ugurlarda dostluk çatrygyndan ösüş ýoluna sary aýgytly ädim ädildi. Ýollar bolsa uly üstünlikleriň menziline eltdi. Menzilme-menzil aşyp, taryhy sepgitlere ýetdik, üstesine, dostlugymyzy-da berkitdik.

Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».