Halkara hyzmatdaşlygyň ösüş ýolunda

8 Awgust 2021
1053

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimizin bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Bitaraplyk mertebesinden şöhratlanyp, halkara derejesinde bolelin durmuşda ýaşaýan türkmen halkynyň maddy we ruhy dünýäsiniň ösüşleriň, özgerişleriň täze belentliklerine göterilmegi Bitarap Watanymyzyň ýagty geljeginiň aýdyň kepilnamasydyr.

Häzirki wagtda Watanymyz dünýäniň abraýly guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyklary alyp barýar we iň bir abraýly döwletleriň birine öwrülýär. Dünýäniň ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlyklaryň döwrebap ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň arasyndaky ykrar edilmesidir. Munuň şeýledigine Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitine Gahryman Arkadagymyzyň uly hormat bilen çagyrylandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýokary derejede geçirilen bu duşuşyga dünýäniň ençeme ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem EKO-nyň Baş sekretary gatnaşdy. Onda dünýä döwletleriniň parahatsöýüjilikli, ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin bu guramanyň öňünde goýýan maksatlary, wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet ýolbaşçylary öz öňünde goýýan belent maksatlary bilen çykyş edip, halklaryň agzybir we dostlukly ýaşamaklary üçin dünýä ähmiýetli netijeli işleriň gazanylmalydygyny bellediler.

Maýsa Kurbanowa,
Mary welaýat prokurorynyň Hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.