Täze Kararnama: durnukly ösüş ugrunda aýgytly ädim

4 Awgust 2021
888

2-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habar ýurdumyzyň halkara abraýynyň, hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny dünýä ýaýdy. 29-njy iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny dörediji ýurtlaryň biri hökmünde bu ugurda halkara bileleşigiň tagallalaryna örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi.

Täze resminamanyň Milletler Bileleşiginde Türkmenistanyň adyna ýazylan Kararnamalaryň on altynjysydygyny, ulag ulgamy boýunça bolsa dördünjisidigini bellemek gerek. Mundan ozal 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň öňbaşçysy bolan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda nobatdaky gezek tassyklanan resminama, bir tarapdan, olaryň logiki dowamy hasaplansa, beýleki tarapdan, Ýer ýüzünde häzirki dowam edýän adatdan daşary ýagdaýyň öňe çykaran zerurlygydyr. «Logiki dowamy» diýýänimiziň manysy eýýäm olaryň adyndaky meňzeşliklerden-de açylýar, zerurlykdygy bolsa, elbetde, pandemiýa sebäpli köp kynçylyklara sezewar bolýan ulag ulgamy meselesine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek bilen baglanyşyklydyr.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».