Merkezi Aziýa: hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasy

3 Awgust 2021
984

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde özara hem peýdaly syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge degişli halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, sergileriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. 6-njy awgustda eziz Diýarymyzyň gözel künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebit ähmiýetli çäreler, ýagny Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti geçiriler. Hormatly Prezidentimiz bu iri çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ýörite Guramaçylyk toparyny döretdi.

Merkezi Aziýanyň taryhynda şanly waka öwrüljek bu çäreler, mälim bolşy ýaly, köp taraplydyr we giň mazmunlydyr. Bu çäreler goňşy ýurtlaryň halklarynyň gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam eder. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hemişe goňşy ýurtlar bilen dost-doganlykly gatnaşyklary, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýokary ähmiýet berýär.

Annamyrat AKYÝEW,
«Mugallymlar gazeti».