Sport – dostlukly gatnaşyklaryň köprüsi

30 Iýul 2021
1152

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiz Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara Olimpiýa hereketini ösdürmek, sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça hem anyk başlangyçlary öňe sürýär. Parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berjek bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar» diýen parasatly sözlerindenem görnüşi ýaly, halklaryň we ýurtlaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy berkitmekde sportuň örän uly ähmiýeti hem-de orny bardyr.

Muňa döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek boldy.

«Türkmen sporty».