Hyzmatdaşlyk berkidilýär

16 Iýul 2021
1031

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda boldy.

Forumyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň barşynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.