Türkmenistan sebitiň we yklymyň döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň köprülerini gurýar

15 Iýul 2021
1152

Diýarymyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny netijeli ulanmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Milli Liderimiz Garabogaz aýlagynyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsine geldi. Hormatly Prezidentimiz ulag desgasynyň ýagdaýy hem-de aýlagyň şahasy bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara täze köprini gurmak hem-de oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Bu ýol häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidir.