Türkmenistan — Hytaý: däp bolan gatnaşyklar kämilleşdirilýär

14 Iýul 2021
1078

13-nji iýulda «Oguzhan» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Ol Türkmenistana iki günlük resmi sapar bilen geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hytaýyň hökümeti Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan dünýä ykdysadyýeti üçin şu çylşyrymly döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklaýar, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge düýbünden täze çemeleşmeleri görkezýär. Ýurduň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyç dünýä bileleşigi tarapyndan goldanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidildi.

"Nesil".